Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbeýjanly blogçynyň Tbiliside öli tapylandygy aýdylýar


Huseýn Bakihanow
Huseýn Bakihanow

Azerbaýjanda tussaglykdan boşap, goňşy ýurda giden we hökümeti tankytlamagyny dowam etdirýän oppozisiýa blogçysy gaçybatalga soraýan ýerinde, Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside öli tapyldy. Emma ýerli polisiýa onuň ölümi barada häzirlikçe hiç bir beýanat çap etmedi.

Azerbaýjanyň oppozisiýa blogçysy Huseýn Bakihanow gaçybatalga soran ýurdunda, Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside öli tapyldy.

Bakihanowyň garyndaşy Awtandil Mammedow we Germaniýada ýaşaýan derňew žurnalisti Afkan Muhtarly azerbaýjan hökümetini tankytlamakda tanalýan blogçynyň 29-njy iýulda öli tapylandygyny aýdýarlar.

Bakihanowyň jesediniň anyk nireden tapylandygy belli däl.

Muhtarlynyň Facebookda ýazmagyna görä, Tbilisiniň polisiýasy blogçynyň beýik gatly jaýdan ýykylan bolmagynyň mümkindigini aýdypdyr.

Şol bir wagtda, Tbilisiniň polisiýasy Bakihanow bilen bagly ýagdaý barada häzirlikçe hiç bir beýanat çap etmedi.

Bakihanow 12-nji iýulda özüniň tiz kömek ulagyndadygyny, üç gün ozal tanşan bäş erkeginiň Tbilisiniň merkezinde özüne hüjüm edendigini aýdyp, YouTube-da wideo beýanat çap etdi.

"Men bu hüjümiň tötänden bolandygyna ynanamok, sebäbi bu waka meniň bosgun şahsyýetnamamy almaly wagtymdan birnäçe gün öň bolup geçdi" diýip, Bakihanow şol wagt hüjümiň arkasynda Azerbaýjan hökümetiniň bardygyna doly ynanmaýandygyny belledi.

Muhtarlynyň sözlerine görä, Bakihanow 7-nji maýda Bakuwda hökümete garşy gurnalan ýöriş wagtynda saklanyp, 15 gün azatlykdan mahrum edildi.

Bakihanow tussaglykdan boşadylandan soň polisiýanyň özüni gynandygyny we tussaglyk möhletininiň dowamynda zorlamak haýbatyny atandygyny aýtdy.

Bakihanow şondan kän wagt geçmänkä Azerbaýjandan Gürjüstana gitdi we metbugat serişdeleri, “YouTube” kanaly arkaly hökümeti tankytlamagyny dowam etdirdi.

Bakihanowyň kärdeşi Afkan Muhtarly hem, Azerbaýjandaky türmeden boşadylandan soň, geçen ýylyň mart aýyndan bäri Germaniýada ýaşaýar.

Muhtarly hem 2014-nji ýylda goňşy ýurda gaçyp, 2017-nji ýylyň maý aýynyň ahyrynda Tbilisiden alnyp gaçylyp, soňra Azerbaýjana getirilýänçä Gürjüstanda bosgunlykda ýaşapdy.

Ol sondan soň gaçgak bolmakda, bikanun serhetden geçmekde, döwlet gullukçysyna garşy güýç ulanmakda aýyplanyp, alty ýyl azatlykdan mahrum edildi. Žurnalist bu aýyplamalaryň syýasy sebäplidigini aýdyp, olary ret etdi.

Muhtarly geçen ýylyň mart aýynda, daşary ýurt hökümetleriniň we adam hukuklary toparlarynyň basyşy astynda, möhletinden öň türmeden boşadyldy we derrew aýalynyň bosgunlykda ýaşaýan ýeri bolan Germaniýa gitdi.

XS
SM
MD
LG