Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýüzüjisi Tokioda 'iň ýaramaz' netije görkezip, oýundan çykdy


Bezeg suraty

“Gündogar” neşiri suwda ýüzüji Merdan Ataýewiň Olimpiadany oňa gatnaşyjylaryň arasynda iň erbet netije bilen terk edendigini habar berýär.

Hökümetçi “Türkmenportal” neşiri 28-nji iýulda 26 ýaşyndaky türgeniň 200 metr aralygy 2 minut 03,68 sekuntda geçip, ozalkylaryndan 3,38 sekund gowy netije görkezendigini habar berdi.

Emma “Gündogar” 30-njy iýulda Tokiodaky Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabaralarynda Türkmenistanyň baýdagyny göteren türgeniň 200 metr aralyga arkan ýüzmek boýunça geçirilen deslapky ýaryşlarda oňa gatnaşanlaryň arasynda iň ýaramaz netije görkezendigini habar berdi.

Şunuň bilen Merdan Ataýewiň Olimpiadadaky çykyşlary tamamlandy, ol ozal 100 metr aralyga arkan ýüzmek boýunça hem ýaramaz netije görkezipdi diýip, habarda bellenýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG