Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý häkimiýetleri Moskwadan gelen uçary COVID-19 wirusynyň uly çeşmesi atlandyrýar


Şeremetýewo aeroportyndaky maskaly ýolagçy. Bezeg suraty.

Hytaýyň gündogar şäheri Nanjingiň häkimiýetleri Moskwadan gelen “Air China” ýolagçy uçarynyň pandemiýa başlanaly bäri COVID-19 ýokanjynyň iň uly çeşmesi bolandygyny aýdýar diýip, Russiýanyň döwlet habar gullugy RIA Nowosti habar berdi.

Şähere ýaýran wirus azyndan 200 adama ýokuşdy. Hoňkoňyň “South China Morning Post” gazetiniň ýazmagyna görä, wirus eýýäm ýurduň 15 welaýatynyň 26 şäherçesine ýaýrady.

HHR-iň döwlet habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, bu wirus ýokuşmalary koronawirusyň başda bütin dünýä ýaýran ýeri bolan Uhandakydan has güýçli.

Gürrüňi edilýän wirusyň genomy azyndan 52 ýagdaýda Russiýadan yzyna dolanan uçarda tapylan genom bilen çalymdaş bolup çykdy. Wirus ýokuşmalarynyň ilkinji hadyslary ýerli howa menziliniň işgärlerinde hasaba alyndy we bu keseliň Moskwadan gelen uçary tämizlän işçilerden ýaýrap başlandygy çak edilýär.

Nanjingiň ilaty 8,5 million adam, ilatyň ählisi diýen ýaly koronawirus barlagyndan geçiriler. Hytaý häkimiýetleri baryp geçen ýyl koronawirus ýokuşmalaryny gözegçilik astyna alandygyny aýtdy. Munuň üçin wirusyň ýüze çykarylan şäherlerde we welaýatlarynda iň agyr karantin çäreleri görülýär.

Emma muňa garamazdan, Hytaý statistikasy ýurtdaky dolandyryjy Kommunistik partiýanyň gözegçiliginde bolup, onuň ygtybarlylygyna bil baglamak hakykatda mümkin däl diýen ýaly.

Kommunistik partiýanyň pandemiýanyň başlanmagy bilen bagly maglumatlary uzak wagtlap ýaşyrandygyny aýdyp, Birleşen Ştatlar Pekini onuň bütin dünýä ýaýramagyna sebäp bolmakda aýyplaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG