Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Putiniň karary sebäpli, ABŞ-nyň diplomatik wekilhanalary 182 rus raýatyny işden boşadýar


ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasynyň daş görnüşi

Ýerli raýatlary işe almagyň gadagan edilmegi sebäpli, ABŞ Russiýadaky diplomatik wekilhanalarynda işleýän 182 orsýetlini işinden boşadar.

Bu gadaganlyk aprel aýynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin tarapyndan girizildi. ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken işgärleriň sanynyň azaldylýandygyny aýtdy.

Putiniň karary esasynda, Russiýadaky diplomatik wekilhanalarda iş berijiniň raýatlygy bolmadyk adamlaryň näçesiniň işläp biljekdigini rus hökümeti kesgitleýär. Rus hökümeti ABŞ-nyň ýerli halkdan ýekeje işgäri hem hakyna tutup bilmejekdigi baradaky karara geldi.

Putiniň kararyna görä, raýatlaryň işden boşadylmagy Russiýanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda resmileşdirilmeli. Işgär sanynyň azaldylmagy netijesinde işini ýitiren adamlara adatça ortaça bir aýlyk hakynyň tölenmegi kepillendirilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG