Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-dan Özbegistana üç milliondan gowrak "Moderna" sanjymy getirildi


 "Moderna" waksinasy
"Moderna" waksinasy

Birleşen Ştatlardan Özbegistana koronawirusa garşy 3 million 60 doza möçberindäki “Moderna” sanjymy getirildi diýip, Azatlyk radiosynyň Özbek gullugy ýurduň saglyk ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

Sanjymlar BSG-nyň ynsanperwer COVAX maksatnamasy esasynda, Birleşen Ştatlar tarapyndan muzdsuz berildi.

“Moderna” ABŞ-da giňden ulanylýan üç sanjymyň biri bolsa, BSG tarapyndan ykrar edilen bäş sanjymyň biri bolup durýar

ABŞ resmileri bu sanjymyň koronawirus ýokuşmalaryna garşy göreşde 94 göterimden gowrak netije berýändigini aýdýarlar.

Prezident Şawkat Mirziýoýew biraz öň Birleşen Ştatlardan 18 ýaşan raýatlara sanjym etmek üçin “Moderna” sanjymynyň getiriljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG