Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

1-nji sentýabrda Orsýet türkmenistanlylar üçin howa serhedini açar


Rus uçary. Bezeg suraty
Rus uçary. Bezeg suraty

Russiýa Federasiýasynda 1-nji sentýabrdan başlap, türkmenistanlylar üçin howa serhetlerini açmaga taýynlyk görülýär diýip, hökümetçi “Arzuw.news” we “Turkmenportal” neşirleri rus hökümet çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Orsýete geljek türkmenistanlylar jübi telefonlarynda görünýän “COVID-19-syz syýahat” goşundysy arkaly özleriniň sapardan öň geçen laboratoriýa synaglarynyň negatiw netijelerini görkezmeli bolarlar.

Habarda bellenmegine görä, koronawirus üçin synag netijeleri "täze" bolmaly, has anygy Russiýa Federasiýasyna gelmezden 72 sagat öň geçirilen barlaglara esaslanmaly.

RF hökümetiniň 20-nji iýuldaky kararyna laýyklykda, bu talap Ýewraziýa Ykdysady bileleşigine girýän daşary ýurtlaryň rus howa serhedinden geçjek ähli raýatyna degişli bolar.

Bu düzgün Orsýete ÝYB-niň agza ýurtlarynyň üstaşyr geçende girýän ýa-da bu ýerde gysga wagtlyk duralgasy bolan üçünji ýurt raýatlaryna degişli bolmaz. Ýöne olar bu ýagdaýda täze negatiw synag netijesi bolan resminama görkezmeli diýip, habarda aýdylýar.

Has anyk aýdylanda, Orsýete Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Täjigistandan, Türkmenistandan girjek adamlar üçin bu düzgün 1-nji sentýabrdan güýje girýär.

XS
SM
MD
LG