Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Raisi prezident wezipesinde ABŞ-nyň 'zalym' sanksiýalary bilen göreşjekdigini aýtdy


Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hameneýi (çepde) we Eýranyň prezidenti wezipesine geçen Ebrahim Raisi (sagda), Tähran, 3-nji awgust, 2021

Aşa konserwatiw Ebrahim Raisi 3-nji awgustda Eýranyň täze prezidenti wezipesine geçdi we Yslam Respublikasyny ABŞ-nyň "zalym" sanksiýalaryndan dyndyrmak üçin çäreleri görjekdigini aýtdy.

Öňki kazyýet başlygy Raisi, adam hukuklaryny deplemek sebäpli Günbatar tarapyndan tankyt edildi we kazyýetde işlän döwründe müňlerçe syýasy tussagyň köpçülikleýin jezalandyrylmagyna gatnaşmagy sebäpli ABŞ-nyň sanksiýalaryna sezewar boldy.

60 ýaşly Raisi döwlet telewideniýesinde göni efirde görkezilen dabarada Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň razylygyny alanyndan soň wezipä geçdi.

"Halkyň islegine görä, paýhasly, ýadawsyz, tejribeli we meşhur Hojatoleslam Ebrahim Raisä Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti wezipesini tabşyrýaryn" -diýlip Hameneýiniň kararynda aýdylýar.

Eýranyň we alty dünýä döwletiniň arasynda 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro şertnamasyny gazanan aram prezident Hasan Rohaniniň ornuny tutýan Raisi 5-nji awgustda parlamentiň öňünde kasam kabul eder we soňra öz teklip edýän ministrler kabinetini düzer.

Onuň gün tertibindäki esasy meseleleriň arasynda ABŞ-nyň 2018-nji ýylda birtaraplaýyn çykan ýadro şertnamasyny dikeltmäge gönükdirilen gepleşikler bolar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG