Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: ABŞ keseliň köpelmegi sebäpli syýahat duýduryşyna has köp ýurdy goşdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleri (CDC) amerikalylara Gresiýa, Irlandiýa, Eýrana we ýene birnäçe ýurda syýahat etmezlik barada duýduryş berdi we şol ýerlerde keselçiligiň köpelýändigini aýtdy.

Şeýle-de, syýahat etmekden gaça durmak maslahat berilýän 4-nji derejedäki ýurtlaryň hataryna Liwiýa, Gazagystan, Andorra, Malta, Lesoto we Martinik, Saint Barthelemy we Kurasao adalary girýär.

Döwlet departamenti şuňa meňzeş duýduryşlary regionlaryň köpüsi üçin 2-nji awgustda berdi. ABŞ köp ýurtlary iýun aýynda duýduryş derejesinden çykarypdy, emma COVID-19 hadysalarynyň köpelmegi sebäpli gaýtadan sanawa goşdy.

Prezident Jo Baýdeniň ulularyň 70%-ne COVID-19 garşy waksinanyň hiç bolmanda bir dozasyny bermek maksadyna ýetendigine garamazdan, ABŞ-da ýokançlygyň ýaýramagy dowam edýär.

Ak Tamyň COVID-19 boýunça iş toparynyň utgaşdyryjysy Jeff Zients hassahanalara düşýän näsaglaryň köpelýändigini we her gün 300-den gowrak adamyň ölýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG