Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Olimpiýadada türkmen agyr atletikaçysy 13 türgeniň arasyndan 10-njy boldy


Öwez Öwezow umumy hasapda 371 kg agram göterip, 13 türgeniň arasyndan 10-njy ýeri eýeledi.

Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda türkmen agyr atletikaçysy Öwez Öwezow 109 kg çenli agram derejesinde çykyş edip, 13 türgeniň arasyndan 10-njy ýeri eýeledi. 3-nji awgustda türkmen türgeni umumy hasapda 371 kg agram göterdi.

Türkmenistandan koronawirus aladalary sebäpli wagty yza süýşürilen Tokio 2020 Olimpiýa oýunlaryna jemi dokuz türgen gatnaşýar.

27-nji iýulda agyr atletikaçy Polina Gurýewa 59 kg agram derejesinde çykyş edip, 217 kilogram agram götermek bilen kümüş medala mynasyp boldy. Bu ýurduň garaşsyzlyk taryhynyň ilkinji Olimpiýa medaly hökmünde taryha geçdi.

3-nji awgustda çenli geçirilen bäsleşiklerde çykyş eden türkmen sportçylary Gülbadam Babamyradowa (dzýudo), Merdan Ataýew we Darýa Semýonowa (suwda ýüzmek) ýeňiş gazanyp bilmediler.

26-njy iýulda agyr atletika boýunça 55 kilogram agram derejesinde çykyş eden beýleki bir türkmenistanly türgen, Kristina Şermetowa 205 kilogram agyrlyk göterip, ýaryşlarda altynjy orna mynasyp boldy.

Rejepbaý Rejebow 81 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, ýaryşy tamamlap bilmedi
Rejepbaý Rejebow 81 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, ýaryşy tamamlap bilmedi

31-nji iýulda agyr atletikaçy Rejepbaý Rejebow 81 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, ýaryşy tamamlap bilmedi we hiç orny eýelemedi.

2-nji awgustda ýeňil atletikanyň ýekedaban zyňmak görnüşi boýunça çykyş eden Mergen Mämmedow 31 türgeniň arasyndan 30-njy boldy.

Ýekedaban zyňmak boýunça Mergen Mämmedow 31 türgeniň arasyndan 30-njy boldy.
Ýekedaban zyňmak boýunça Mergen Mämmedow 31 türgeniň arasyndan 30-njy boldy.

Olimpiýadada çykyş etjek soňky türkmen türgeni, agyr atletikaçy Hojamuhammet Toýçyýew 4-nji awgustda öý güýjüni synap görer.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG