Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we Türkmenistan berk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny dowam etdirýär


Birleşen Ştatlaryň we Türkmenistan döwlet baýdaklary
Birleşen Ştatlaryň we Türkmenistan döwlet baýdaklary

ABŞ we Türkmenistan berk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny dowam etdirýär diýip, “Trend” neşiri ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň maglumat we medeniýet bölüminiň başlygy Stiwen Gaýsa salgylanyp habar berýär.

Gaýs ýylyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende köpelendigini aýtdy.

"Biziň hyzmatdaşlygymyzyň köp bölegi pandemiýanyň dowam edýän wagtynda amala aşyryldy” diýip, ol käbir programmalaryň, aýdaly, saparlaryň, haryt ýa enjam transzitleriniň bökdençliklere uçrandygyny belledi.

"ABŞ-nyň Türkmenistan bilen berk we üstünlikli söwda gatnaşyklaryny edýän belli kompaniýalary bar. Olaryň arasynda Boeing, Katerpillar, Coca-Cola, General Electric, John Deere, Visa we beýlekileri agzap bolar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de habarda Türkmenistanyň Birleşen Ştatlaryň wajyp söwda-ykdysady we daşary syýasat partnýory bolup durýandygy, iki ýurduň sebit howpsuzlygyny üpjün etmekde we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk edýändigi bellenilýär.

Soňky ýyllarda ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda geçirilýän syýasy geňeşmeler yzygiderli häsiýete eýe boldy. Oba hojalyk tehnikalary bilen üpjünçilik, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň tehniki parkyny döwrebaplaşdyrmak, elektrik energiýasy enjamlaryny import etmek ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlyk dowam edýär.

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda ýola goýuldy.

XS
SM
MD
LG