Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus häkimiýetleri Hodorkowskiniň esaslandyran “Açyk media” we “MBH media” saýtlaryny petikledi


“Açyk media” we “MBH media” neşirleriniň web sahypalary açylmaýar.

“Açyk media” we “MBH media” neşirleriniň web sahypalary Orsýetdäki prowaýderleriň köpüsinde açylmaýar.

“MBH media” öz saýtynyň Roskomnadzor tarapyndan petiklenendigini habar berýär.

Baglanan saýtlaryň sanawyna laýyklykda, bu saýta girmek mümkinçligi Baş prokuraturanyň 3-nji awgustdaky karary esasynda çäklendirilýär. Gazetiň habar bermegine görä, petiklenmäniň näme bilen baglanyşyklydygy belli däl.

“Açyk media” telegramda saýtyň salgysynyň köpçülikleýin bidüzgünçiliklere we ekstremist hereketlere çagyryşlary öz içine alýan çeşme hökmünde Roskomnadzoryň ýörite sanawyna goşulandygyny habar berýär.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň redaktorlary Baş prokuraturanyň ýa-da Roskomnadzoryň özlerine bu ýagdaýlar barada hiç hili habar ýetirmändigini aýdýarlar.

Roskomnadzor RBK habar gullugyna “Açyk Russiýa raýat hereketiniň” we “Açyk Russiýanyň” maglumat çeşmelerine elýeterliligi çäklendirýändigini, olaryň “Ýukosyň” öňki başlygy Mihail Hodorkowskiý bilen baglanyşyklydygyny we Russiýada islenmeýän guramalar hökmünde ykrar edilendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG