Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus ýüwrügi Timanowskaýa Polşa bardy


Timanowskaýany Wenada Awstriýanyň döwlet sekretary Magnus Brunner garşy aldy.

Olimpiýa oýunlaryndan çykarylan we, sport resmilerini tankytlandan soň Tokiodan yzyna alnyp gaýdyljak bolandygyny aýdan belarus ýüwrügi Kristina Timanowskaýa Polşa bardy.

Polýak häkimiýetleri Minskä gaýdyp barmakdan ýüz öwüren we Ýewropada syýasy gaçybatalga soramak niýetini yglan eden Timanowskaýa gumanitar wiza berdi.

Türgeniň Tokiodan göni uçuşda Warşawa uçmagyna garaşylýardy, ýöne ol ahyrynda Wena iberilýär.

"Roýters" habar gullugy munuň howpsuzlyk sebäpli edilendigini habar berdi. Aýdylmagyna görä, polşaly diplomatlar uçuş ugrunyň üýtgedilmegini talap edipdirler.

Timanowskaýany Wenada Awstriýanyň döwlet sekretary Magnus Brunner garşy aldy.

Ýurduň häkimiýetleri sportçynyň, geljekki ykbaly barada aladalanýandygyna garamazdan, ýagdaýynyň gowudygyny we howpsuzlykda ýerleşýändigini habar berdiler. Soň ol Warşawa uçdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG