Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lewada merkezi: Orsýetlileriň ýarysy Staline ýadygärlik oturdylmagyna oňyn garaýar


Lipetsk. Iosif Staliniň ýadygärligi

Lewada merkeziniň geçiren pikir soramalarynyň görkezmegine görä, Orsýetiň ilatynyň ýarysyna golaýy, ýagny 48%-i Staline ýadygärlik gurulmagyna oňyn garaýar.

Şol bir wagtda, ilatyň 20% -i Staliniň ýadygärliklerine garşy we takmynan 29% -i bu meselä biperwaý garaýar.

Sosiologlaryň bellemegine görä, soňky on ýylda Staline ýadygärlik dikmek meselesindäki jemgyýetçilik pikirlerinde yzagaýdyşlyk boldy.

2000-nji ýyllarda Staliniň ýadygarligi meselesinde negatiw garaýyşlar agdyklyk edýärdi. Şol döwürde soraga gatnaşanlaryň üçden birinden köpüsi (36-37%) Staliniň ýadygärligine garşy çykdy, dörtden bir bölegi ýadygärlik dikmegi goldady, galanlary bu meselede biperwaýlyk görkezdi.

Staliniň ýadygärliginiň dikilmegine goldaw bildirýänler esasan uly şäherlerden daşda ýaşaýan, durmuş we bilim derejesi pes bolan, iň garry we iň ýaş adamlar bolup durýar.

Staliniň ýadygärliginiň dikilmegine köplenç uly şäherleriň ýaşaýjylary, ýokary bilim alan we orta ýaşly adamlar (40-55 ýaş) garşy çykýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG