Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Basyş çäreleri güýçlenýär, ruslar indi näme boljagyny pikir edýär 


Polisiýa Alekseý Nawalnynyň korrupsiýa garşy gaznasynyň Moskwadaky edarasyna reýd geçirýär. 17-nji iýul, 2020.
Polisiýa Alekseý Nawalnynyň korrupsiýa garşy gaznasynyň Moskwadaky edarasyna reýd geçirýär. 17-nji iýul, 2020.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň administrasiýasynyň 17-19-njy sentýabrda Russiýanyň aşaky palatasyna, Döwlet dumasyna geçiriljek saýlawlar barada alada galýandygyna şübhelenýän az bolsa gerek.

Häkimiýet başyndaky Bitewi Russiýa partiýasynyň goldawy milli derejede 30 göterimden bärde bolsa, Moskwada 15 göterim töweregi bolup, Putiniň şahsy meşhurlyk derejesiniň peselmegi bilen, täze kanun çykaryjy mejlisde üçden iki bölegiň köplügini almak juda möhüm mesele bolup biler.

"Olar kyn mesele bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, sebäbi, mümkin bolan galplaşdyrmalara garamazdan, siz ähli zady galplaşdyryp bilmersiňiz" diýip, Georgetown uniwersitetiniň syýasy analitigi Mariýa Snegowaýa aýdýar.

Synçylar Russiýada dowam edýän basyşlaryň diňe saýlawlara gözegçilik etmek talabynyň çygryndan has aňyrlaryk çykýandygyny aýdýarlar. Sebäbi bu basyşlar taryhçylary we beýleki alymlary hem nyşana aldy. Ol suratkeşleri we teatrlary hem nyşana aldy. Şeýle-de bu basyşlar iş-aladalary ýakyn wagtda geçiriljek ses berişlik bilen gönüden-göni baglanyşygy bolmadyk aklawçylary we derňew žurnalistlerini nyşana aldy.

"Men bu repressiw aýlaw saýlawdan soň bes ediler diýip bilmerin" diýip, Snegowaýa aýtdy. "Sebäbi bu ýerde mesele, hatda Kreml zerur netijeleri almaz öýdüp gorkýan hem bolsa, diňe bir saýlawlarda däl. Mesele režimiň tebigatynda, onuň özi-de has repressiw diktatorlyga öwrülýär" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de bolsa, saýlawlar hem hökümetiň esasy üns merkezinde bolana meňzeýär. Resmiler soňky birnäçe aýda bütin ýurt bounça iň kän umyt baglanýan garaşsyz we oppozisiýa dalaşgärleriniň ählisini çetleşdirmek üçin uly tagalla etdiler, hususan-da soňky üç ýylda geçirilen saýlawlarda ýerli geňeşlerde orun alan adamlary nyşana aldylar.

Mundan başga, saýlawlara gözegçilik edýän “Golos” jemgyýetçilik guramasynyň habaryna görä, häkimiýetler soňky saýlawlardan bäri ýurduň saýlaw kanunlaryna azyndan 19 gezek täzeden garadylar.

"Bu sanlar aklyňy haýran edýär. Biziň öňki saýlawlarymyzy hem erkin we dogruçyl diýip atlandyryp bolmajakdygyny göz öňünde tutanymyzda hem, biz ozal muňa meňzeş zady görmändik. Emma bu Kreml üçin ýeterlik bolmady. Olar galplaşdyrmak mümkinçiligini has-da köpeltjek üç günlük ses berişlik girizdiler. Olar düýpden aýdyň bolmadyk elektron ses berişligini hem getirdiler. Häzir bolsa iň minimal meşhurlygy bolan dalaşgärleri hem aýyrýarlar” diýip, Snegowaýa Azatlyk Radiosynyň Russiýa gullugyna aýtdy.

Emma muňa garamazdan, hökümetiň edýän tagallalarynyň köpüsi ýakyn wagtda geçiriljek ses berişlige düýpden dahylsyz ýaly görünýär. Mysal üçin, howpsuzlyk gulluklary esasy ünsüni bu guramalaryň taryhy jenaýatlaryny we häzirki öte geçmelerini paş etmek üçin işlän guramalara we şahsyýetlere gönükdiren ýaly.

Aýdaly, öz ýaşaýan sebitinde Stalin döwrüniň köpçülikleýin mazarlaryny dokumentleşdirmek bilen meşgullanýan kereliýaly taryhçy Ýuriý Dmitriýew indi birnäçe ýyl bäri häkimiýetleriň üýtegwsiz nyşanasyna aýlandy.

Düýbi Sankt-Peterburgda ýerleşýän hukuk goraýjy gurama, Komanda 29 geçen aýda, ýuristleriniň aýtmaklaryna görä, güýç gurluşlary tarapyndan “planlaşdyrylan köp ugurly hüjümler zerarly ýapyldy.

Hökümet geçen hepde Dosýe (Dossier) derňew-žurnalistika taslamasynyň we türmelerde we deslapky tussaghanalarda gynamalara sezewar edilenler barada habar berýän Gulagu.net neşiriniň web sahypalaryny ýapdy.

"Bu mesele FSB-nyň bikanun işleri hakynda taýýarlanan hasabat barada” diýip, Putiniň bosgunlykdaky garşydaşy Mihail Hodorkowskiniň, ozalky nebit tütjarynyň metbugat sekretary Maksim Dbar aýtdy.

"Bu birnäçe ýüz sahypadan ybarat uly resminama... Biz howpsuzlyk gullugynyň bikanun işlerine uly üns berýäris. Men FSB, GRU [harby aňtaw gullugy] we SVR [daşary ýurt aňtaw gullugy] hakynda gürrüň edýärin. Bizde bu temalarda gaty köp material bar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG