Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň täze prezidenti parlamentde kasam kabul etdi


Eýranyň öňki prezidenti Hassan Rohani (çepde) bilen täze prezident Ebrahim Raisi. 3-nji awgust, 2021. Tähran. Eýran
Eýranyň öňki prezidenti Hassan Rohani (çepde) bilen täze prezident Ebrahim Raisi. 3-nji awgust, 2021. Tähran. Eýran

Ebrahim Raisi 5-nji awgustda parlamentde Eýranyň prezidenti wezipesine kasam kabul etdi.

Raisi ABŞ sanksiýalaryndan ejir çeken ykdysadyýet, barha güýçlenýän saglyk krizisi, çalt ýokarlanýan regional dartgynlylyklar, dünýä güýçleri bilen 2015-nji ýylda gazanylan ýadro ylalaşyklaryny täzeden dikeltmekde bar bolan kynçylyklar ýaly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Ozal ýurduň kazyýet ulgamyna ýolbaşçylyk eden Raisi özüniň hukuk kemsitmeleri sebäpli Günbatar tarapyndan tankyt edilýärdi hem-de müňlerçe syýasy tussagyň köpçülikleýin jezalandyrylmagyna gatyşygy sebäpli, şeýle-de kazyýet ulgamynda baş goşan işleri bilen baglylykda ABŞ-nyň sanksiýa sanawyna girizilipdi.

3-nji awgustda jedelli öňki prokuror Eýranda doly häkimiýete eýe bolan ýokary lider Aýatullah Ali Hameneýi tarapyndan ygtyýarlandyryldy. Şeýlelik bilen, prezidentlik wezipesini aram hasaplanýan Hassan Rohaniden geçirmek işlerine badalga berildi.

Rohaniniň gazanan esasy üstünligi Tähranyň ýadro programmasynyň togtadylmagynyň öwezine ençeme sanksiýalary ýatyrýan ýadro şertnamasyna gol çekilmegi boldy. Ýöne ol zenanlaryň hukuklaryny gowulandyrmak ýaly ozal wada beren reformalaryny amala aşyrmakda şowsuz boldy.

Ýadro ylalaşygyny dikeltmegi maksat edinýän gepleşikler bilen bir hatarda ýurduň ykdysady kynçylyklaryna çözgüt tapmaklyk Raisiniň baş aladalary bolar öýdülýär.

XS
SM
MD
LG