Dünýäniň birnäçe ýurdunda dörän tokaý ýangynlary mejbury ewakuasiýalara, emläkleriň weýrançylygyna we kähalatlarda adam pidalaryna getirdi. Resmiler bu weýrançylyklary howanyň üýtgemegi bilen ilteşdirýärler.
Demirgazyk Kaliforniýada üç hepde bäri dowam edýän tokaý ýangynlary taryhy şäherçäni weýran etdi, bir topar jaýlary we iş ýerlerini kül etdi.
Türkiýede dowam edýän tokaý ýangynlary sebäpli, 5-nji awgustda ýüzlerçe oba ýaşaýjysy ýangyn howpy abanan elektrik stansiýasynyň golaýyndan ewakuasiýa edildi.
Bu aralykda, grek ýangyn söndürijileri gadymy Olimpiýa meýdançasynyň golaýynda dörän iri ýangyna garşy göreşdiler. Demirgazyk Makedoniýa tokaý ýangynlary sebäpli 30 günlük adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.
Günorta-gündogar Ýewropada ýangynlar sebit rekord derejede yssy howany başdan geçirýän mahaly ýüze çykdy, Kaliforniýada bolsa guran ösümlikler hem-de güýçli şemal pes çyglylyk bilen bileleşip, ýangyn üçin amatly şert döretdi.
Kaliforniýanyň Grinwil (Greenville) şäherçesinde dörän ýangyn şäherçäniň merkezini hem-de ol ýerde ýerleşýän jaýlaryň aglaba bölegini weýran etdi. Şäherçäniň takmynan 800 ýaşaýjysy ewakuasiýa edilipdi.
Türkiýede kömür bilen işleýän bir elektrik stansiýasyna tutaşan ýangyn 5-nji awgustda söndürildi. Gresiýada howanyň temperaturasynyň tas 40 gradusa ýetmegine we güýçli şemal bolmagyna garaşylýan mahaly, adatdan daşary ýagdaýlar boýunça toparlar ýurt boýunça tapgyr üç gün bäri ýangynlara garşy göreşýär.