Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Belarusda oppozisiýa partiýasynyň lideri Kozlow üç aý möhlet bilen tussag edildi


Mikalaý Kozlow

Belarusyň oppozisiýa lideri Mikalaý Kozlow režime garşy krizis geňeşi boýunça alnyp barylýan bir resmi derňew işleri barada gizlin maglumatlary aýan etmekde günäkärlenip, 6-njy awgustda üç aý möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edildi. Režime garşy krizis geňeşi Aleksandr Lukaşenka bir ýyl mundan ozal altynjy prezidentlik möhletini jedelli öňe sürmeginden soň döredildi.

Düýbi Minskde ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy “Wýasna” (Bahar) merkezi paýtagtda bir kazyýetiň kabul eden kararyna salgylandy.

Kozlow Birleşen raýat partiýasyna (AHP) ýolbaşçylyk edýär hem-de ol geçen ýyl geçirilen saýlawlardan soň häkimiýetiň parahatçylykly geçirilmegi üçin Lukaşenkanyň garşydaşlary tarapyndan esaslandyrylan Belarus oppozisiýasynyň Utgaşdyryjy geňeşiniň agzasydyr.

Bu geňeşiň ähli agzalary ýurtda ozal görlüp-eşidilmedik köçe protestleri başlaly bäri, ýa tussag edildi, ýurdy terk etmäge mejbur edildi ýa-da başga görnüşde jezalandyryldy. Köçe protestleri 9 million ilatly öňki Sowet ýurdunda häkimiýetleriň gazaply basyp ýatyrmalaryna ýol açdy.

Kozlowyň kazyýet diňlenişigi 3-nji awgustda başlandy, ýöne sud işi ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirileni üçin, Kozlowa garşy bildirilýän aýyplamalaryň jikme-jikligi aýdyň däldi.

Kozlow Birleşen raýat partiýasyna 2018-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär.

Onuň partiýasy belaruslylary 1994-nji ýyldan bäri ýurdy dolandyrýan Lukaşenka ses bermezlige çagyrdy.

Belarusda bir ýyl bäri dowam edýän basyp ýatyrmalarda 30 müň töweregi adam tutup saklandy, ýüzlerçe adam ýenjildi, birnäçe adam öldürildi we žurnalistler nyşana alyndy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG