Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ekstremist” diýip, Belarus sport web sahypasyny gadagan edýär


Sport web sahypasyndaky maglumatlary paýlaşanlar jerime ýa-da türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolup biler diýip, IIM aýtdy.
Sport web sahypasyndaky maglumatlary paýlaşanlar jerime ýa-da türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolup biler diýip, IIM aýtdy.

Belarus kazyýeti köpçülikleýin habar beriş serişdelerine we raýat jemgyýetine edilýän basyşlaryň arasynda meşhur sport portalyny "ekstremist" atlandyryp, gadagan etdi.

Içeri işler ministrligi 6-njy awgustda Tribuna.com neşiriniň we onuň ähli sosial media kanallarynyň gadagan edilendigini, sebäbi olary dolandyryjylaryň “ekstremist herekete çagyrýan materiallary” çap edýändigini aýtdy.

Sport web sahypasyndaky maglumatlary paýlaşanlar jerime ýa-da türme tussaglygy hökümi bilen ýüzbe-ýüz bolup biler diýip, Içeri işler ministrligi aýtdy.

Tribuna.com saýty Belarusda geçen ýyl, 2020-nji ýylyň awgust aýynda geçirilen prezident saýlawy Aleksandr Lukaşenka altynjy möhleti bereninden soň petiklenipdi.

“Tribuna.com” taslamasynyň döredijisi Dmytro Nawoşa Lukaşenkanyň dolandyryşyna garşy çykýan demokratiýa tarapdar protest hereketiniň açyk goldawçysy bolup durýar.

Şeýle-de ol Russiýanyň sport web sahypasy bolan Sports.ru neşirini esaslandyrdy.

Nawoşa özüne ýöňkelýän ýarlyk barada söz açyp, twitterde web sahypalarynyň işini dowam etdirjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG