Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Awstriýada öz ildeşini öldürmekde aýyplanan çeçen ömürlik tussag edildi


Mamihan Umarow

Awstriýanyň kazyýeti geçen ýyl Wenanyň eteginde 43 ýaşly çeçeni öldürmekde günäkärläp, bir rus raýatyny ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi.

Korneuburg sebit kazyýetiniň metbugat sekretary emin agzalarynyň 6-njy awgustda geçirilen bir günlük sud mahalynda bu iş boýunça biragyzdan karara gelendigini aýtdy.

Kazyýetiň metbugat sekretary Wolfgang Şuster-Kramer günäkärlenýäniň 48 ýaşly etnik çeçendigini, ýöne onuň adynyň şahsy sebäpler esasynda aýdylmaýandygyny aýtdy. Günäkärlenýän günäsini boýun almady we höküm çykarylandan soň şikaýat etjekdigini aýtdy diýip, kazyýetiň metbugat wekili sözüniň üstüni ýetirdi.

Awstriýada bosgunlykda ýaşaýan çeçen jemgyýetiniň agzalary 2020-nji ýylyň iýulynda öldürilen adamyň Kreml tarapyndan goldanýan çeçen lideri Ramzan Kadyrowy tankytlandygy üçin nyşana alnandygyny öňe sürdüler. Emma Şuster-Krameriň sözlerine görä, kazyýete ol adamyň öldürülmeginiň syýasy sebäpli bolandygyny görkezýän anyk subutnamalar berilmedi.

Awstriýanyň polisiýasy pidanyň adyny aýtmady, ýöne çeçen diasporasynyň çeşmeleri Azatlyk Radiosyna pidanyň Kadyrowy tankytlaýan wideo blogyny alyp baran we Awstriýanyň aňtaw gullugy bilen işleýän çeçen separatisti Mamihan Umarowdygyny aýtdy.

Ol Awstriýada gaçybatalga aldy. Soňky aýlarda Kadyrowy tankytlaýan adamlara Russiýanyň daşynda birnäçe gezek hüjüm edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG