Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Özbegistanyň sebitlerinde göçme awtobus çagalar baglary peýda bolar 


Mobil çagalar baglary. Bezeg suraty

2021-2022-nji okuw ýylynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentden beýleki sebitleriň ählisinde mekdebe çenli bilim terbiýesi mobil, awtobus toparlary esasynda berler.

Ministrler kabinetiniň 3-nji awgustda kabul eden kararynda "Mekdebe çenli bilim terbiýesini mobil toparlar esasynda bermek ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek çäreleri" bellendi.

Şeýle-de kararda mekdebe çenli bilimiň mobil bölümleriniň işini guramak baradaky düzgünnama tassyklandy.

Mobil toparlary ýörite enjamlar - häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän we kesgitlenen ülňülere laýyklykda täzeden enjamlaşdyrylan awtobuslary ulanmak esasynda guralar.

Mekdebe çenli bilim ministrligi ozal “ISUZU HC 40” awtobuslarynyň üstünde işlejek awtobus çagalar baglarynyň gün batareýalary, kondisioner, hajathana, ýyly we sowuk suw, nahar ýyladar ýaly aşhana bilen üpjün edilendigini habar berdi.

Düzgünnama laýyklykda, mobil topardaky çagalaryň sany 16-dan az, 30-dan köp bolmaly däl. Bir smenada ýa çalşykda sapaklaryň dowamlylygy 3 sagada çenli bolmaly.

Mobil toparlaryň iş wagty günde 3 smena, hepdede 6 güne çenli bolup biler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG