Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Owganystanyň Gunduz şäherinde aldym-berdimli söweşler barýar


Gunduz. Bezeg suraty
Gunduz. Bezeg suraty

Demirgazykdaky Gunduz welaýatynyň paýtagty Gunduzda owgan hökümet güýçleri bilen talyban söweşijileriniň arasynda agyr söweş barýar diýip, 8-nji awgustda resmiler we ýaşaýjylar aýtdy.

Söweşijiler 6-njy awgustdan bäri iki welaýat paýtagtyny ele geçirdiler, emma takmynan 375,000 ilaty bolan Gunduzyň synmagy, ABŞ ýolbaşçylygyndaky güýçleriň ýurtdan çekilmeginiň soňky tapgyryna girmegi bilen, “Talybanyň” maý aýynda başlan giň gerimli hüjümleriniň iň ähmiýetlisi bolar.

Gunduzdaky käbir möhüm hökümet binalary "Talybana" geçdi diýip, çeşmeler metbugat wekillerine aýtdy. Şäheriň dürli ýerlerinde köçeme-köçe gazaply söweş dowam edýär. Howpsuzlyk güýçleriniň käbir agzalary howa menziline tarap yza çekildi" diýip, Gunduz welaýat geňeşiniň agzasy Amruddin Wali aýtdy.

6-njy awgustda agşam Gunduzda başlanan söweşde azyndan 11 adam ölüp, 39 adam ýaralandy diýip, welaýatyň saglygy goraýyş müdirligi aýtdy. Welaýatda bir çeşme polisiýa merkeziniň we Gunduzyň merkezindäki esasy aýlawyň golaýynda çaknyşyklaryň güýçlenendigini aýtdy.

Gunduzyň synmagy, esasy şäherleri goramak üçin etrap ýerlerindäki söweşleri umuman terk eden Kabul hökümeti üçin uly zarba bolar.

6-njy awgustda “Talyban” uzak günorta-günbatardaky Nimroz welaýatynyň merkezini, ilkinji sebit paýtagty Zaranjy ele geçirdi, bir gün soň bolsa demirgazykdaky Jawuzjan welaýatynyň paýtagty Şebergeni aldy.

XS
SM
MD
LG