Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanly Jalolow agyr agramly boksçylaryň Olimpiýa altynyny aldy


Bahodir Jalolow
Bahodir Jalolow

Özbegistanly Jalolow aşa agyr agramly boksçylaryň Olimpiýa ýaryşynda altyn medal gazandy

Özbegistanly Bahodir Jalolow 8-nji awgustda ABŞ-ly boksçy Riçard Torrezden üstün çykyp, aşa agyr agramly boks bäsleşiginde ýeňiji boldy.

Boýy 2,01 metr bolan Jalolow 2019-njy ýyldaky dünýä çempionlygynyň üstüne Olimpiýa altynyny hem goşdy.

Torrez ikinji tapgyrda gabagyna düşen kesige seretdirmek üçin gysga wagtlyk medisina bejergisine mätäç boldy.

Angliýaly Frazer Klark we gazagystanly Kamşybek Kunkabaýew ikisi ýeňlen ýarym finalçylar bolup, bürünç medallara eýe boldy.

XS
SM
MD
LG