Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus wirusologlary bir näsagyň 1500 adama COVID-19 ýokuşdyrandygyny aýdýarlar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Russiýanyň bir ýaşaýjysy 1500 adama koronawirus ýokuşdyrdy.

TASS döwlet gullugy bu habary Rospotrebnadzoryň Ýekaterinburgdaky "Wektor" wirus we biotehnologiýa döwlet ylmy merkeziniň bölüm başlygy Aleksandr Semenowa salgylanyp habar berdi.

Semenowyň sözlerine görä, bu Russiýada hasaba alnan we COVID-19-yň häzire çenli iň köp derejede ýaýradylmagy bolup durýar.

"Wektoryň” statistikasyna görä, koronawirus ýokaşan bir näsag, koronawirusyň adaty görnüşi bilen kesellän halatynda, iki-üç adama wirus ýokuşdyryp bilýär, wirusyň delta görnüşi bilen näsaglan adam bäş-alty adama wirus ýokaşdyryp bilýär.

Emma muňa garamazdan, “aşa köp ýaýradyjylar” has kän adama kesel ýokuşdyryp bilýär.

“Eger adam sosial aralygy synlamasa, maska geýmese, hususan-da näsag halyna köp adamly metro ulagyna münüp, işe gelip, hemmeleri gujaklap we öpüp başlasa, bu ýagdaýda onuň aşa köp adama kesel ýokuşdyryjy bolmak mümkinçiligi bar” diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG