Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede bolan ýol hadysasynda 15 adam öldi, 17 adam ýaralandy


Bezeg suraty

Sebit häkimliginiň maglumatyna görä, 8-nji awgustda Türkiýäniň günbataryndaky Balikesir welaýatynyň awtoulag ýolunda bolan awtobus heläkçiliginde 15 adam ölüp, 17 adam ýaralandy.

TRT telekanaly awtobusyň agdarylyp, ýoldan çykandygyny habar berdi. Ýol-ulag hadysasynyň sebäbi entek belli däl. Halas ediş toparlary wakanyň bolan ýerine geldi.

Häkimlik heläkçiligiň bolan ýerinde 11 adamyň ölendigini, beýlekileriň keselhanada ölendigini aýtdy.

Häzirlikçe başga jikme-jiklikler elýeterli bolmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG