Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saudiler COVID-e garşy göreşde ölen saglyk işgärleriniň maşgalalaryna $133 000 töläp başladylar


Saud Arabystany
Saud Arabystany

Döwlet metbugatynyň habaryna görä, Saud Arabystany aýlag döwletinde koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde ölen her bir lukman işgäriň maşgalasyna ýarym million rial, ýagny 133 000 müň amerikan dollaryna barabar pul berip başlapdyr.

8-nji awgustda çap bolan maglumatda "hökümet, hususy, raýat ýa-da harby saglygy saklaýyş edarasynda işlän we COVID-19 netijesinde ölen lukmanlaryň maşgalalaryna, olar Saud Arabystanly bolsa-da, bolmasa-da, 500 000 saud rialy paýlanar" diýilýär.

Döwlet tarapyndan dolandyrylýan SPA habar gullugy "olaryň patyşalykda raýatlaryň we ýaşaýjylaryň saglygyny we howpsuzlygyny goramak üçin pandemiýa garşy göreşde öz janlaryny berendiklerini" habar berýär.

Ýurtda pandemiýada ölenleriň sanynyň 8 320 adamdygy habar berildi, ýöne Saglygy saklaýyş ministrligi ýogalan saglyk işgärleriniň sanyny köpçülige mälim etmedi.

30 million ilaty Saud Arabystany 30 milliona golaý waksina dozasyny edendigini aýdýar. Ýurtda günde keselleýänleriň 1000-den gowrak täze ýagdaýy barada habar berýär.

Umuman ýurtda 533 000 COVID-19 hadysasy tassyklandy.

Ilkinji gezek ýurtda COVID-19-dan ölenler barada 2020-nji ýylyň 2-nji martynda habar berildi.

XS
SM
MD
LG