Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB jedelli saýlarlaryň ýyl dönüminde Lukaşenka garşy täze sanksiýa bilen haýbat atýar


Alýaksandr Lukaşenka
Alýaksandr Lukaşenka

Ýewropa Bileleşigi awtoritar belarus lideri Alýaksandr Lukaşenka garşy täze çäreler bilen haýbat atýar. Bu, regionda oppozisiýa liderleriniň we demonstrantlaryň galplaşdyrylandygyny aýdýan saýlawlarda Lukaşenkanyň gaýtadan saýlanmagynyň ýyl dönümine gabat gelýär.

"Režimiň halkara borçnamalaryny aç-açan äsgermezlik etmegi sebäpli, biz mundan beýläk görüljek çärelere garamaga taýýar" diýip, 8-nji awgustda ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Josep Borrell aýtdy.

Sanksiýalar Lukaşenkanyň režiminiň demonstrantlara garşy edýän basyşyny gowşatmak, onuň oppozisiýa bilen gürleşmegini gazanmak we täze, garaşsyz saýlaw geçirmek üçin basyş görkezmek maksadyny öz öňüne goýýar.

Belarus häkimiýetleri oppozisiýa liderlerini zor görkezip, ýurtdan kowdy ýa-da türmä basdy, on müňlerçe adamy tussag etdi, jemgyýetçilik guramalarynyň onlarçasyny nyşana aldy we köpçülikleýin köçe protestlerine basyşlaryny başlaly bäri žurnalistleri akkreditasiýa etmekden ýüz öwürdi we olara zor görkezdi.

XS
SM
MD
LG