Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG global sammitiň öňüsyrasynda howa hasabatyny hödürlär


Howanyň maýlamagyna garşy aksiýa, Awstraliýa
Howanyň maýlamagyna garşy aksiýa, Awstraliýa

BMG-nyň howanyň üýtgemegi boýunça iň ýokary ylmy guramasy 9-njy awgustda global ýylylygyň täsirlerine baha bermek barada köpden bäri garaşylýan täze jemleýji hasabatyny çap eder.

Hasabatyň Ženewada hödürlenmegi dünýä liderleriniň Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde ýygnanyp, global temperaturanyň ýokarlanmagyny çäklendirmek baradaky täze planlaryny düzmeginiň üç aý öňüsyrasyna gabat gelýär.

Howanyň üýtgemegi boýunça hökümetara topary (IPCC), soňky baha beriş tapgyrynda dört hasabatyň ilkinjisini çykarar. Bu ýedi ýyl mundan ozal geçirilen iň uly baha berişden bäri edilen klimat barlaglarynyň seljermelerini öz içine alýar.

Şotlandiýada geçiriljek sammit 2015-nji ýyldaky Pariž sammitinden bäri klimat krizisine degişli iň möhüm ýygnak hökmünde kabul edilýär.

XS
SM
MD
LG