Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazagystanda onlarça adam LGBT çäresine garşy çykdy


Onlarça adam Aktobede LGBT ýygnagynyň geçirilmezligini talap etdi. Aktobe, 2021-nji ýylyň 8-nji awgusty

Gazagystanyň demirgazyk-günbataryndaky Aktobe şäherinde 100-den gowrak adam LGBT aktiwistleri tarapyndan meýilleşdirilen çärä garşy nägilelik bildirdi.

Demonstrantlar 8-nji awgustda geçirilen ýygnakda ýerli häkimiýetlere "däp-dessurlarymyza we dinimize ters gelýän gymmatlyklary wagyz edýän hereketiň wekillerine Aktobe girmegine rugsat bermezliklerini" haýyş edip ýüz tutjakdyklaryny aýtdylar.

Polisiýa rugsat berilmedik ýörişe goşulmady.

Feminist inisiatiwasy "Feminita" 13-nji awgustda bu Merkezi Aziýa ýurdunda LGBT jemgyýetiniň hukuklary boýunça seminar geçirmegi planlaşdyrýar.

"Feminita" toparyny esaslandyran Gulzada Seržan bu toparyň soňky günlerde abanýan howplara garamazdan, çäräni geçirjekdigini Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Geçen aýda "Feminita" tarapyndan gurnalan seminarlar Gazagystanyň merkezi Karagandy şäherinde gaharly mähelle tarapyndan bozuldy.

Şuňa meňzeş waka maý aýynda günorta Şymkent şäherinde demonstrantlar tarapyndan dargadyldy.

Bu Merkezi Aziýa döwleti 1990-njy ýyllarda sowet döwrüniň bir jynsly adamlaryň arasyndaky jynsy gatnaşyklary jenaýat hasaplaýan kanuny ýatyrsa-da, seksual azlyklar henizem berk ornaşan sosial gadagançylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Hukuk goraýjy toparlar LGBT adamlarynyň öňki Sowet Soýuzynda diskriminasiýa we yzarlamalara sezewar bolýandygyny aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG