Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnynyň ýaranlaryna garşy 'ekstremist' pul toplamak barada jenaýat işi açyldy


Russiýanyň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň baş sekretary we syýasy direktory Leonid Wolkow (çepde) we Korrupsiýa garşy fondunyň baş direktory Iwan Ždanow, Litwanyň Brýusseldäki ilçihanasynda metbugat ýygnagynda. 2021-nji ýylyň 22-nji fewralynda

Orsýetiň häkimiýetleri tussag edilen Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnynyň bosgunlykdaky iki ýaranyna garşy "ekstremist" diýlip hasaplanýan guramalar üçin serişde toplamagy bilen bagly aýyplama esasynda jenaýat işini açdy.

Derňew komiteti 10-njy awgustda eden beýanatynda Leonid Wolkowa we Iwan Ždanowa, şeýle-de ady aýdylmadyk beýleki adamlara garşy sud işiniň açylandygyny aýtdy.

Kanun goraýjy guramanyň habar bermegine görä, bu aýyplama awgust aýynda Wolkow bilen Ždanowyň "bikanun işleriniň dowam etdiriljekdigi we pul ýygnamakçydygy" internetde ýerleşdirilen wideodan gelip çykýar.

Iýun aýynyň başynda, Moskwanyň sudy Nawalnynyň syýasy ulgamyny “ekstremist” diýip atlandyrdy, Toparyň agzalary rus häkimiýetleriniň bu kararyny ýurtdaky bikanunçylygynyň “hakykatdanam täze derejesiniň” alamaty diýip atlandyrdy. Bu karar birnäçe gün ozal resmi taýdan güýje girdi we toparyň haýyr-sahawat işlerini bikanun etdi.

Ždanow Nawalnynyň Korrupsiýa garşy gaznasynyň (FBK) öňki müdiri, Wolkow Nawalnynyň regional toparyna ýolbaşçylyk etdi. Häzirki wagtda ikisi-de daşary ýurtlarda ýaşaýarlar.

Nawalnynyň guramalaryna we onuň ýaranlaryna garşy görülýän çäreler Orsýetde oppozisiýanyň yzarlanýan we basyşlara sezewar bolýan döwründe we häkimiýet başyndaky "Ýedinaýa Rossiýa" partiýasy sentýabr aýynda geçiriljek parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda taryhda iň pes ses alan pursadynda bolup geçýär.

Fewral aýynda Moskwanyň sudy Nawalnynyň syýasy äheňli hasaplanýan köne sud işiniň şertlerini bozandygyny aýtdy we 3 ýarym ýyllyk şertli tussaglygyny türme möhletine öwürdi.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG