Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk toparlary Özbegistany mejbury rektal barlagyndan el çekmäge çagyrýarlar


Ozalky post-sowet döwletleriniň arasynda diňe Özbegistan we Türkmenistan özara ylalaşyk esasyndaky bir jynsyň arasyndaky jynsy gatnaşyklary jenaýat hasaplaýarlar.
Ozalky post-sowet döwletleriniň arasynda diňe Özbegistan we Türkmenistan özara ylalaşyk esasyndaky bir jynsyň arasyndaky jynsy gatnaşyklary jenaýat hasaplaýarlar.

Özbegistanda ýerli aktiwistler prezident Şawkat Mirziýoýewe ýüzlenip, türmede saklanýan tussaglary we beýleki şübhelileri mejbury rektal barlagyndan geçirmek tejribelerini togtatmaga çagyrdylar.

Geçen hepde halkara hukuk toparlary Mirziýoýewi, ýerli resmilere degişli görkezme berip, gomoseksuallykda şübhelenýänleriň üstünden bu barlaglaryň geçirilmegine dessine soň bermäge çagyrdylar.

Ozalky post-sowet döwletleriniň arasynda diňe Özbegistan we Türkmenistan özara ylalaşyk esasyndaky bir jynsyň arasyndaky jynsy gatnaşyklary jenaýat hasaplaýarlar.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 135-nji maddasy jynsy gatnaşyklar üçin iki ýyla çenli we bu gaýtalansa, 5 ýyldan 10 ýyla çenli türme tussaglygyny göz öňünde tutýar.

Mundan öň, halkara hukuk toparlary Türkmenistany jenaýat kodeksiniň bu maddasyny ýatyrmaga we adamlary jynsy ugra esaslanýan zorlukdan hem-de diskriminasiýadan goramaga çagyrdylar.

Halkara hukuk toparlarynyň dokuzsynyň Mirziýoýewe ýollan ýüzlenmesinde, soňky bäş ýylyň dowamynda Özbegistanda azyndan alty adamyň mejbury rektal barlagyndan geçirilendigi bellenilýär.

“Göni içegäniň mejbury ýagdaýda barlanmagy gynama hökmünde ykrak edilip bilinjek rehimsiz, adamçylyga sygmaýan, kemsidiji çäredir” diýip, hukuk toparlary nygtadylar.

Özbek prezidentine ýüzlenme iberen toparlaryň arasynda Human Rights Watch, Global deňlik boýunça Geňeş, Adam hukuklary boýunça Halkara hyzmatdaşlyk guramalary dagy hem bar.

XS
SM
MD
LG