Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Belarus ABŞ-dan ilçihanadaky işgär sanyny azaltmagy soraýar, ilçiden ýüz öwürýär


Julie Fişer

Diýdimzor belarus lideri Aleksandr Lukaşenkanyň režimi ABŞ-nyň girizen soňky sanksiýalar tapgyryna Waşingtondan özüniň Minskdäki ilçihanasynyň işgär sanyny 1-nji sentýabra çenli bäş adama düşürmegi soramak bilen jogap berdi.

Belarusyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Anatol Hlaz 11-nji awgustda ministrligiň web sahypasynda ýerleşdirilen söhbetdeşlikde Minskiň Julie Fişeriň ABŞ-nyň Belarusdaky ilçisi wezipesine bellenilmegi baradaky razylygyny ýatyrandygyny aýtdy.

"Belarusyň häzirki ABŞ administrasiýasyna bolan ynamy ýitirendigini nazarda tutup, ABŞ hökümeti tarapyndan utgaşdyrylýan ähli täze taslamalar, grantlar we maksatnamalar boýunça hyzmatdaşlygy togtadýarys” diýip, Hlaz aýtdy.

Fişer 2020-nji ýylyň dekabrynda Senat tarapyndan tassyklandy ýöne belarus hökümetiniň oňa wiza bermekden ýüz öwürýändigi sebäpli Minskdäki işine başlap bilmedi.

ABŞ-nyň Belarusdaky ilçihanasy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagyna Lukaşenka režiminiň hem-de onuň “Belarusda garaşsyz sesleriň ýüze çykmagyna rugsat berip bilmezliginiň, şeýle-de onuň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge göwünsizliginiň” sebäp bolandygyny aýtdy.

Hlazyň interwýusy ABŞ, Britaniýa we Kanada Belarusa garşy täze söwda we maliýe sanksiýalaryny yglan edenden soň peýda boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG