Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýada britan raýaty Russiýa üçin içalyçylyk etmekde güman edilip, tussag astyna alyndy


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Nemes häkimiýetleri Berlindäki britan ilçihanasynda işleýän bir britan raýatyny Russiýa üçin içalyçylyk etmekde güman edip, tussag astyna alandyklaryny aýdýar.

Dewid S. atly erkek adam 10-njy awgustda Berliniň golaýynda, Potsamda tussag edildi diýip, Germaniýanyň Federal prokuraturasy beýanatda aýtdy.

Beýanat güman edilýäniň ilçihana ýerli işgär hökmünde işe kabul edilendigini aýtdy.

Britan polisiýasy 57 ýaşly britaniýalynyň “aňtaw agentleriniň işi” bilen baglanyşykly jenaýat etmekde güman edilip, Germaniýada tussag edilendigini tassyklady.

Russiýanyň Berlindäki ilçihanasy “häzirki wagtda özlerinde bu mesele boýunça Germaniýadan alnan hiç hili resmi maglumatyň ýokdugyny” aýdyp, kommentariýa bermekden ýüz öwürdi.

“Berlin bu işe ‘örän çynlakaý’ çemeleşýär. Germaniýanyň topraklarynda ýakyn ýarana garşy içalyçylyk etmek biziň kabul edip biljek zadymyz däl” diýip, Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary aýtdy.

Germaniýanyň beýanatyna görä, güman edilýän Russiýanyň aňtaw gulluklary bilen 2020-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri “hyzmatdaşlyk edipdir” we azyndan bir gezek öz işi bilen ilteşikli bir resminamany maliýe töleginiň öwezine rus agentlerine geçiripdir.

XS
SM
MD
LG