Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ Owganystanyň durnuklylygyna maýa goýmagyny dowam etdirýär


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Antoni Kabuldaky ABŞ ilçihanasynda guralan metbugat ýygnagynda. Arhiw suraty.

Birleşen Ştatlaryň döwlet we goranmak sekretarlary Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani bilen telefonda gürleşip, ABŞ-nyň 12-nji awgustda Kabuldaky ilçihanasynyň işgärlerini azaltmak barada gelen kararyna garamazdan, Owganystanyň "Talyban” tarapyndan abanýan howp-hatar bilen ýüzbe-ýüz bolan durnuklylygyna maýa ýatyrmagy dowam etdirýändigini" aýtdylar.

Döwlet sekretary Antoni Blinken we goranmak sekretary Lloýd Ostin Gani bilen 12-nji awgust güni giçlik, Kabuldaky amerikan ilçihanasynyň medeni işgärleriniň azaldyljakdygy yglan edilenden soň gürleşdi.

Lloýd we Blinken "Birleşen Ştatlaryň Owganystanyň hökümeti bilen berk diplomatik we howpsuzlyk gatnaşyklaryny saklamaga ygrarlydygyny” nygtady diýip, Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýsyň beýanatynda aýdylýar.

Ilçihananyň işgärleriniň azaldylmagy Kabulyň halkara howa menziline 3000 töweregi goşmaça goşun iberilmegi bilen utgaşýar.

Praýs biraz öň harbylaryň bu ýurtdaky diplomatik işgärleriň azaldylmagyna kömek etjekdigini aýdypdy, ýöne ol munuň ABŞ-nyň diplomatik missiýasynyň taşlanmagy boljakdygyny, onuň ýapyljakdygyny inkär etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG