Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda "kasamyň" döreýşi


Illýustrasiýa suraty. Aşgabadyň Garaşsyzlyk meýdanyna dikilen heýkeller.
Illýustrasiýa suraty. Aşgabadyň Garaşsyzlyk meýdanyna dikilen heýkeller.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Türkmenistanda "kasamyň" döreýşinden söz açýar.

Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, belli bir döwür raýatlardan, şol sanda mekdep okuwçylaryndan we ýokary okuw jaýlarynyň studentlerinden "watana wepalylyk kasamyny" kabul etmeklik talap edilýärdi.

Çagalar mekdeplerde irden hatara düzülip, watana wepaly bolmaga ant içdirilýärdi.

Wepalylyk kasamynyň tekstinde “eger-de, men saňa dil ýetirsem..., şek ýetirsem..., dönüklik etsem ...,” “şeýle-şeýle bolsun...” diýen ýaly kasamlar kabul edilýärdi. Bu kasamy ýerine ýetirmedik türkmenistanly raýat az-az bolsa gerek!

Bu tejribeler Nyýazowyň ölüminden soň, belli bir derejede gowşady. Ýöne geçen ýyl geçirilen harby parad "wepalylyk kasamynyň" türkmen giňişligine täzeden dolanandygyna şaýat boldy. Parada gatnaşan esgerler ýene bir gezek "wepalylyk kasamyny" Aşgabadyň meýdanynda ýaňlandyrdylar.

"Watana wepalylyk kasamy" haçan oýlanyp tapyldy, bu tejribeleri durmuşa geçirmegi türkmen hökümetine kimler maslahat berdi? Raýatlara ant içdirmek tejribesi nähili miwe berdi?

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Türkmenistanda "wepalylyk kasamynyň" döreýşinden söz açýar.

Gepleşigimize Pragadan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally gatnaşdy.

Türkmenistanda "kasamyň" döreýşi
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

XS
SM
MD
LG