Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Talyban" Jelalabady aldy, hökümetiň gözegçiliginde galan esasy şäher diňe Kabul boldy


Tayban söweşijeri Gaznide. 13-nji awgust, 2021.

"Talyban" söweşijileri demirgazykdaky esasy şäher Mazar-e Şerifi basyp alanyndan soň 24 sagat hem geçmänkä gündogardaky esasy şäher Jalalabady ele geçirdi. Şundan soň Owganystanyň paýtagty hökümetiň gözegçiligindäki iň esasy şäher boldy.

"Talyban" 15-nji awgustda Jalalabady söweşsiz aldy we söweşijiler Nangarhar welaýatynyň paýtagtynyň häkimliginde düşen suratlaryny sosial mediada ýerleşdirdiler.

Nangarhar welaýatynyň kanun çykaryjysy Abrarullah Myradyň "Associated Press" habar gullugyna aýtmagyna görä, talyban söweşijileri şäheri ýaşulular ol ýerdäki hökümetiň tabyn bolmagy barada gepleşik geçirenden soň eýeledi.

Jelalabadyň we Mazar-e Şerifiň synmagy 14-nji awgustda halka ýüzlenip, ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky goşunlar 11-nji sentýabr terror hüjüminden soň “Talybany” agdaraly bäri gazanylan "üstünliklerden" ýüz öwürmezlik wadasyny beren prezident Aşraf Gani üçin yzly-yzyna urlan urgy boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG