Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kanada işleri sebäpli ar alynjak  20 müň owgany kabul eder


Owganystan. Içerki bosgunlar
Owganystan. Içerki bosgunlar

Kanada, “Talybanyň” hüjümlerinden goramak üçin, 20,000-den gowrak owganlyny göçürip getirmegi meýilleşdirýär diýip, emigrasiýa ministri Marko Mendisino aýtdy.

Mendisino 13-nji awgustda bu plan hususan-da zenan ýolbaşçylary, adam hukuklaryny goraýjylary, habarçylary, yzarlanan dini azlyklary, geý we lezbiýan jemgyýetiniň agzalary ýaly aýratyn kyn ýagdaýa düşüp biljek adamlara gönükdiriler diýdi.

Bu plan Owganystandan indi çykmak isleýänleri we eýýäm goňşy ýurtlarda çykanlary hem öz içine alýar.

Bu tagallalar Kanada hökümeti üçin terjimeçiçilik eden, Kanada ilçihanasynyň işgäri we olaryň maşgala agzalary bolan müňlerçe owganlyny kabul etmek üçin ozal yglan edilen başlangyçlaryň üstüni ýetirer diýip, Mendisino metbugat ýygnagynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG