Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” Kabuly güýç bilen almajakdygyny, gepleşik geçirýändigini aýdýar


ABŞ-nyň Çinuk (Chinook) dikuçary Kabuldaky ABŞ ilçihanasynyň golaýynda öwrüm edýär. 15-nji awgust, 2021.
ABŞ-nyň Çinuk (Chinook) dikuçary Kabuldaky ABŞ ilçihanasynyň golaýynda öwrüm edýär. 15-nji awgust, 2021.

Söweşijileriň ýurtda çalt depginde gazanylan ýeňişlerden soň owgan paýtagtyna gelip ýetendigi baradaky habarlaryň arasynda, “Talyban” Owganystanyň paýtagtyny "zor bilen" almak planynyň ýokdugyny aýtdy.

"Yslam Emirligi ähli güýçlerine şähere girmäge synanyşman, Kabulyň derwezesinde durmagy tabşyrýar" diýip,“Talybanyň” sözçüsi twitterde aýtdy.

Emma ady aýdylmadyk owgan resmileri “Associated Press” habar gullugyna “Talyban” söweşijileriniň eýýäm paýtagtyň Garabag we Pagman etraplaryna girendigini aýtdylar.

Prezident köşgi sosial ulgamlarda Kabulyň töweregindäki birnäçe nokatda atyşyk sesleriniň eşidilendigini, ýöne howpsuzlyk güýçleriniň halkara hyzmatdaşlary bilen utgaşyklykda, şäheri gözegçilik astynda saklaýandygyny aýtdy.

Şu aralykda "Talyban" şähere güýç we söweş bilen girmek niýetiniň ýokdugyny, Kabula parahatçylykly girmek üçin beýleki tarap bilen gepleşik geçirýändigini" aýtdy.

XS
SM
MD
LG