Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Daşkende bir aýal alty günlük çagasyny 18 müň dollara satjak bolanda tutuldy


Bezeg suraty

Daşkendiň Ýangihaýot etrabynyň ýaşaýjysy R.T. alty günlük gyzyny satjak bolanda tussag edildi.

Bu barada Baş prokuraturanyň ykdysady jenaýatlara garşy göreş bölüminiň metbugat gullugy habar berdi.

7-nji awgustda doglan bäbejigi 18 müň ABŞ dollaryna satjak bolan aýal gürleşilen mukdardaky puly alýan wagtynda hukuk goraýjy edaralar tarapyndan tussag edildi.

Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 135-nji maddasyna (Adam söwdasy) laýyklykda, çagasyny satjak bolan aýala garşy jenaýat işi gozgaldy we derňew işleri alnyp barylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG