Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talybanyň” ilerlemegi bilen, Pakistan Owganystan bilen esasy geçelgesini ýapýar


 Torham serhet geçelgesi. 3-nji awgust, 2021.
Torham serhet geçelgesi. 3-nji awgust, 2021.

Serhediň owgan tarapy “Talybanyň” gözegçiligine geçensoň, Pakistan goňşy Owganystan bilen aradaky Torham geçelgesini ýapdy diýip, Pakistanyň içeri işler ministri Şeýh Reşid Ahmad 15-nji awgustda aýtdy.

Ahmad Torhan serhet geçelgesini ýapmak kararynyň beýleki tarapdaky adatdan daşary ýagdaý sebäpli kabul edilendigini aýtdy.

Ahmad ýerli Geo teleýaýlymyna beren düşündirişinde geçelgäniň owgan polisiýasy “Talybana” boýun synandan soň ýapylandygyny aýtdy.

Pakistan uruş sebäpli heläkçilige uçran ýurtdaky krizisden soň indi täze owgan bosgunlaryny kabul etmäge ýagdaýynyň ýokdugyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG