Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda bir resmi "Talybana" häkimiýeti tabşyrmak üçin gepleşik geçirilýändigini aýdýar


Kabul. Köçede duran owgan esgeri
Kabul. Köçede duran owgan esgeri

Owgan resmisi "Associated Press" habar gullugyna "Talyban" gepleşikçileriniň häkimiýet "geçişi" barada gepleşmek üçin prezident köşgüne barýandyklaryny aýtdy.

Jezalandyrylmak gorkusy sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran resmi 15-nji awgustda maksadyň hökümeti “Talybana” parahatçylykly görnüşde tabşyrmak bolandygyny aýtdy.

"Talybanyň" metbugat sekretary Azadi radiosyna häkimiýeti parahatçylykly geçirmek üçin gepleşik geçirýändigini tassyklady, ýöne giňişleýin maglumat bermedi.

Goranmak ministri Bismillah Han Mohammadi hem Facebookda çap edilen wideo ýüzlenmesinde, ýaragly güýçleriň wekili hökmünde, Kabulyň howpsuzlygyny kepillendirýändigini aýtdy.

Ol prezident Aşraf Ganiniň içerki syýasatçylar bilen duşuşandygyny we olara "Talyban" bilen ylalaşyk gazanmak maksady bilen 16-njy awgustda Doha iberiljek abraýly delegasiýany düzmek jogapkärçiligini berendigini hem mälim etdi.

"Tä ylalaşyk gazanylýança Kabulyň howpsuzlygynyň üpjün ediljekdigine men siziň öňüňizde kepillik berýärin" diýip, Mohammadi aýtdy.

XS
SM
MD
LG