Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýurtlar 'Talyban' Kabuly eýeländen soň, ýurtdan çykýanlaryň howpsuzlygyna çagyrýarlar


"Talybanyň" söweşijileri Kabulyň Zanbag meýdançasynyň golaýynda, 16-njy awgust, 2021.
"Talybanyň" söweşijileri Kabulyň Zanbag meýdançasynyň golaýynda, 16-njy awgust, 2021.

"Talybanyň" söweşijileri 16-njy awgustda Owganystanyň paýtagty Kabulyň köçelerinde patrullyk edýärler. Bu aralykda onlarça ýurduň hökümetleri "Talybanyň" hepdäniň ahyrynda Günbatar tarapyndan goldanýan hökümeti agdarandan soň ýüzlerçe daşary ýurt raýatynyň we owganystanlynyň ýurtdan çykmagyna rugsat bermek üçin asudalyga çagyrdy.

Kabulyň müňlerçe umytsyz ýaşaýjysy, uruş heläkçiligine uçran ýurtda "Talybanyň" yslamçy hökümdarlygyndan gaçyp gutulmak üçin şäheriň howa menziline ýygnandy, daşary ýurtlaryň ençemesi bolsa, ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň goldawynda 20 ýyllap işlän ilçihanalaryny ýapdylar.

ABŞ goşunlary 16-njy awgustda Kabulyň halkara aeroportuna gözegçiligi öz line alyp, halkara kommersiýa uçuşlaryny togtatdylar, şu sebäpden Owganystandan gaçmak isleýän owganlar we beýleki daşary ýurt raýatlary aeroportda galdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä,"dükanlar açylýar, adamlar öýlerden çykýarlar we durmuş adaty ýagdaýa gelip başlaýar, ýöne beýlekiler öz geljegi barada alada edýärler".

Owganystanyň hökümeti 15-nji awgustda "Talyban" Owganystanyň iň esasy şäheri bolan Kabuly basyp alandan we prezident Aşraf Ganiniň ýurduň daşyna gaçyp çykandan soň ýykyldy.

60-dan gowrak ýurduň Owganystandaky “ýaramazlaşýan howpsuzlyk ýagdaýyna” salgylanyp, eden bilelikdäki beýanatynda “Owganystanda häkimiýetdäki we ygtyýarly wezipeli adamlar adam ömrüni we emlägini goramak hem asuda durmuşy, raýat tertibini derrew dikeltmek üçin jogapkärçilik çekýär" diýilýär.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň web sahypasynda çap edilen beýannamada "ýollar, howa menzilleri we serhet geçelgeleri açyk bolmaly we asudalyk saklanmaly" diýilýär.

XS
SM
MD
LG