Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň hukuk goraýjy topary 410 syýasy tussagy hasaba aldy


Alekseý Nawalnyý
Alekseý Nawalnyý

Düýbi Moskwada ýerleşýän adam hukuklary boýunça "Memorial" merkeziniň habaryna görä, Russiýada syýasy tussaglaryň sany ýylyň başyndan bäri 349-dan azyndan 410-a ýetdi.

Syýasy tussaglar barada 16-njy awgustda çap edilen iň soňky hasabatynda Russiýanyň öňdebaryjy adam hukuklary topary bu sanawyň türmede ýa-da öý tussaglygynda oturan “syýasy tussaglaryň iň az sanyny gökezýändigini” aýtdy.

"Aslynda, syýasy sebäplere görä tussag edilen beýleki syýasy tussaglar şübhesiz has köp" diýlip maglumatda aýdylýar.

Hasaba alnan syýasy tussaglardan 329 adam din azatlygy hukugyndan peýdalanandygy üçin azatlykdan mahrum edildi, beýleki 81 adam syýasy sebäplere görä azatlykdan mahrum boldy.

Iň görnükli täze syýasy tussag oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnyý nerw agentinden zäherlenip, Germaniýada bejergi alansoň ýurduna gaýdyp barypdy. Onuň tussag edilmegine Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin tarapyndan buýruk berlendigi aýdylýar, Kreml muny ret edýär.

"Memorial" Nawalnydan başga-da, Kremliň tankytçysynyň köp sanly tarapdarynyň hem syýasatçynyň tussag edilmegi barada habar beren “Doxa” talyp žurnalynyň habarçylarynyň bardygyny aýtdy.

Sanawa goşulanlaryň arasynda aktiwistler we sentýabr aýynda geçiriljek parlament saýlawlaryna oppozisiýa dalaşgärleri bar.

XS
SM
MD
LG