Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda 'üç ilçihana galdy'. Hindistan hem diplomatik işgärlerini ewakuasiýa edýär


Fransiýanyň ilçihanasynyň golaýynda, Kabul, 17-nji awgust, 2021
Fransiýanyň ilçihanasynyň golaýynda, Kabul, 17-nji awgust, 2021

Hindistan Kabuldaky ilçihanasyny ewakuasiýa eden iň soňky ýurt boldy. Habar berişlerine görä Owganystanyň paýtagtynda diňe üç ilçiha - Russiýanyň, Hytaýyň we Pakistanyň ilçihanalary işleýär.

Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Arimdam Bagçi 17-nji awgustda twit ýazyp, "Bar bolan ýagdaýlary göz öňünde tutup, Kabuldaky ilçimiziň we onuň hindi işgärleriniň derrew Hindistana göçmegi karar edildi" -diýdi.

Şol bir wagtda ABŞ-nyň Kabuldaky baş diplomaty bu ýurtdan çykandygy baradaky habarlary ret edýär. ABŞ-nyň işleri wagtlaýyn ynanylan Ross Uilson Twitterde ýazan habarynda: "ýalan habarlaryň tersine, 1000-den gowrak ABŞ raýatyna we ejiz owganlylara kömek etmek we bu ýerdäki işleri dowam etdirmek üçin @USEmbassyKabul işgärleri we men # Kabulda galýarys" diýip ýazdy.

Daşary ýurt hökümetleri 15-nji awgustda "Talybanyň" Kabuly ele geçirenden soň özleri bilen bile işlän owganlary we beýlekileri ewakuasiýa etmek üçin tagalla edýärler.

Russiýa öz ilçihanasynyň işgärleriniň diňe bölekleýin ewakuasiýa ediljekdigini aýtdy. Ilçi Dmitriý Žirnow 17-nji awgustda "Talyban" toparynyň wekilleri bilen rus raýatlarynyň hem ilçihananyň işgärleriniň howpsuzlygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin gepleşikler geçirer.

XS
SM
MD
LG