Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täze Zelandiýada alty aýyň içindäki ilkinji koronawirus ýagdaýlaryndan soň, lokdawn yglan edildi


Täze Zelandiýada azyndan üç günlük lokdawn yglan edildi.

Täze Zelandiýada koronawirusa ýoluganlaryň sany ýedi adama ýetip, wirus bilen kesellänleriň mundan beýläk hem artmagyna garaşylýar. Bu barada Täze Zelandiýanyň hökümeti 18-nji awgustda mälim etdi.

Bu Täze Zelandiýada soňky alty aýyň dowamynda koronawirusyň ilkinji hadysalary boldy. Munuň bilen baglylykda, ýurtda 17-nji awgustdan başlap azyndan üç günlük lokdawn, ýagny petiklenme yglan edildi.

Premýer-ministr Jasinda Aýdern 18-nji awgustda çykyş edip, koronawirusyň delta görnüşine ýoluganlaryň mundan beýläk hem artmagyna garaşylýandygyny, sebäbi wirusa ýoluganlaryň kilisede, mekdepde, kazinoda we keselhanada wagt geçirendiklerini aýtdy.

Andern hökümetiň wirusyň ýaýramak gerimini saklamagyň deregine, ony doly aýyrdan aýyrmak baradaky strategiýasyny gorap çykyş etdi. Ol bu usulyýetiň pandemiýa döwründe işländigini hem sözüne goşdy.

“Hawa, delta has uly howp abandyrýar, ýöne ozal netije beren çäreleri berjaý etsek, onda muny ýene amal edip bileris” diýip, Aýdern sözüne goşdy.

Günorta-gündogar Aziýa döwletleri soňky hepdeleriň dowamynda wirusa ýolugýanlaryň we ondan heläk bolýanlaryň rekord sanlaryny hasaba alýarlar. Bu sebit geçen ýyl pandemiýanyň iň agyr döwürlerinden baş alyp çykmagy başarypdy.

ABŞ-da mekdeplerde sapaklaryň ýaňadandan başlanmagy bilen, wirusyň gerimi gowşaman ýokarlanýar. Ýurtda waksina almaga degişli ilatyň ýarpysynyň doly waksina edilmegine garamazdan, wirusa ýoluganlaryň hepdelik ortaça görkezijisi 142 müňe çenli artdy.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG