Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kabulyň aeroportynda ewakuasiýa işleriniň depgini güýçlendirildi


Lufthansa howagullugynyň uçary, Owgananystandan ewakuasiýa edilenler bilen, Germaniýanyň Franfkurt şäherinde gonuşy amala aşyrýar. 18-nji awgust, 2021 ý.

Owganystanda daşary ýurtlylaryň we “Talybanyň” ar almagyndan howatyr edýän ýüzlerçe owganyň ewakuasiýa işleriniň gerimi artdyryldy. Bu aralykda, “Talybanyň” adam hukuklaryny aýylganç bozandygy baradaky uly aladalaryň arasynda, dünýä güýçleri “Talybanyň” administrasiýasy bilen işleşip-işleşmezlik baradaky karar bilen ýüzbe-ýüz boldular.

“Talyban” paýtagt Kabuly eýeländen soňra, 17-nji awgustda eden çykyşynda, yslam kadalarynyň çäginde, parahatçylygy we ähli taraplary öz içine alýan hökümeti isleýändigini aýtdy.

Olar garşydaşlaryndan ar almajakdygyna, şeýle-de yslamyň düzgünleriniň çäginde aýallaryň hukuklaryna hormat goýjakdyklaryna söz berdiler.

Şol bir wagtda, müňlerçe owganly, aglaba ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçlerine hemaýat berenler, ýurtdan gaçyp çykmaga dyrjaşýarlar.

18-nji awgustda Günbatar howpsuzlyk resmisi adamlary ýurtdan çykarmak üçin, Kabul aeroportundaky tagallalaryň ýola goýulandygyny mälim etdi. Onuň Reuters gullugyna beren maglumatyna görä, häzire çenli diplomatiki işgärleriň, daşary ýurtly howpsuzlyk gullukçylarynyň we ilçihanalarda işlän owganlaryň 2 müň 200-e golaýy ýurtdan çykarylypdyr.

ABŞ daşary ýurtlylaryň we owganlaryň ewakuasiýasynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, goşmaça harbylaryny ýollady. 17-nji awgustdaky ýagdaýlara laýyklykda, Birleşen Ştatlaryň esger sany 4 müňe golaýlady.

Mundan öň, “Talybandan” gaçyp gutulmak üçin dowla düşen müňlerçe owganlynyň aeroportyň uçuş ýoluna çykmagy netijesinde, howa menzili wagtlaýynça ýapylypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG