Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” TOPH-uň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirdi


15-nji awgustda “Talyban” paýtagt Kabula girip, şol sanda prezidentiň köşgüni hem eýeledi.
15-nji awgustda “Talyban” paýtagt Kabula girip, şol sanda prezidentiň köşgüni hem eýeledi.

“Talyban” TOPH, ýagny Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçiriji proýektiniň gurluşygyna gatnaşmaga taýýar diýip, ýarym-resmi hökümetçi turkmenportal neşiri toparyň wekiliniň Sky News kanalyna beren interwýusyna salgylanyp maglumat berýär.

“Bizde TOPH, gara we demir ýollary ýaly başlamagy göz öňünde tutýan iri proýektlerimiz bar” diýip, Suheýl Şahin belläpdir.

Ýatlatsak, “Talyban” toparynyň delegasiýasy fewralda hem Aşgabada sapar edip, infrastruktura taslamalaryna, şol sanda TOPH proýektine hem howp salmajakdygyny wada beripdi.

15-nji awgustda “Talyban” paýtagt Kabula girip, şol sanda prezidentiň köşgüni hem eýeledi.

Uzynlygy 1 müň 735 km bolan TOPH proýekti türkmen gazyny Owganystanyň we Pakistanyň üsti bilen Hindistana aşyrmagy göz öňünde tutýar. Proýektiň ýyllyk kuwwady 33 milliard m3 deň.

XS
SM
MD
LG