Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Owganystandaky halkara işgärleriniň käbirini wagtlaýyn Gazagystana göçürýär


BMG-niň we onuň düzümleriniň Owganystanda halkara işgärlerden daşary 3000 töweregi owgan işgäri bar.
BMG-niň we onuň düzümleriniň Owganystanda halkara işgärlerden daşary 3000 töweregi owgan işgäri bar.

“Talyban” hepdäniň ahyrynda Kabulda häkimiýeti ele geçirenden soňra Birleşen Milletler Guramasy Owganystandaky 300 halkara işgäriniň üçden birini Gazagystana göçürip başlady.

18-nji awgustda BMG-niň metbugat sekretary Stefan Dujarrik (Stephane Durjarric) 100 töweregi halkara işgäriň wagtlaýyn Gazagystanyň iň iri şäheri bolan Almata göçüriljekdigini aýtdy.

“Bu Owganystanyň halkyna BMG-niň ýardam bermegini minimum päsgelçilik bilen dowam etdirmegine, ýöne şol bir wagtyň özünde BMG işgärlerine töwekgelçiligi azaltmaga niýetlenen wagtlaýyn çäredir” diýip, Dujarrik žurnalistlere aýtdy.

Ol “Talyban” ýurdy ele geçirenden soň hem, bütindünýä guramasynyň Owganystana ynsanperwer kömek bermäge ygrarlydygyny nygtady.

“Talyban” öz abraýyny täzeden şekillendirmek we halkara üzňelikden gaça durmak üçin alyp barýan giň jemgyýetçilik gatnaşyklary synanyşyklarynyň çäginde diplomatik gulluklaryň işgärlerini we BMG işgärlerini goramagy wada berdi.

BMG-niň we onuň düzümleriniň Owganystanda halkara işgärlerden daşary 3000 töweregi owgan işgäri bar.

Dujarrik “hususan-da, ýerli işgärleri goramak üçin möhüm işleriň alnyp barylýandygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG