Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gorbaçýow: 1991-nji ýylyň başa barmadyk agdarylyşygyndan alynmaly sapaklar şu günki gün hem möhüm


Mihail Gorbaçýow

Sowet Soýuzyndaky demokratik reformalaryň öňüne geçip bilmän, onuň çöküşini çaltlandyran başa barmadyk agdarylyşygyň 30-njy ýyldönüminde iň soňky sowet lideri Mihail Gorbaçýow “häkimiýete bikanun eýe bolunmagyna” rus halkynyň garşy durmalydygyny aýtdy. Bu adalga köplenç Russiýanyň häzirki prezidenti Wladimir Putiniň tankytçylary tarapyndan ulanylýar.

90 ýaşly Gorbaçýow 1991-nji ýylyň awgustynda bolan agdaraylyşyk synanyşygyndan alynmaly sapaklaryň häzirki Russiýa üçin “möhüm bolmagynda galýandygyny” aýtdy.

“Demokratiki ýörelgeleriň we kanunyň hökmürowanlygynyň tarapdary bolmak, häkimiýeti bikanun ele salmak mümkinçiliklerini aradan aýyrmak, ýa-da beýleki oýlanyşyksyz hereketleriň öňüne geçmek, ynha halk we döwlet şulara jogapkär bolmaly" diýip, Gorbaçýow 18-nji awgustda Gorbaçýow gaznasynyň web-saýtynda çap eden beýanatynda aýtdy.

1991-nji ýylyň 18-nji awgustynda bir topar sowet resmisi Gorbaçýowy Krymdaky daçasynda öý tussaglygyna aldylar hem-de onuň demokratik reformalaryny togtatmagy maksat edinen wagtlaýyn hökümeti yglan etdiler.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG