Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Owganystandaky ýagdaýlar babatynda häzir güýç mazamlamak zerurlygyny görmeýär


Aleksandr Pankin

Orsýet DIM-i Owganystandaky ýagdaý bilen baglylykda Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasy derejesinde "güýç mazamlamak üçin dyzamak" zerurlygyny görmeýär diýip, daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Pankin TASS habar gullugyna aýtdy.

"Owganystandaky ýagdaý KHŞG tarapyndan hemişe-de ara alnyp maslahatlaşylýardy, ýurtlar geňeşýärdi, beýanat edýärdi" diýip, rus resmisi Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltanda žurnalistler bilen söhbetdeş bolanda aýtdy.

Şeýle-de ol Orsýetiň Gazagystan bilen ikitaraplaýyn gepleşik geçirýändigini belledi.

Pankin “KHŞG-nyň wezipesiniň günorta sepgitleri, ozaly bilen hem Täjigistany we Türkmenistany goramakdan ybabatdygyny” nygtady diýip, döwlet eýeçiligindäki habar gullugy ýazýar.

"Eger-de siz has berk çäreleri göz öňünde tutýan bolsaňyz, muňa zerurlyk dörese, hudaý saklasyn, biz gaýtawul bereris. Häzirlikçe güýç mazamlamak göz öňünde tutulmaýar" diýip, rus diplomaty TASS-yň soragyna jogap berende aýtdy.

Bu ýyl Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň Duşanbede geçirjek duşuşygyna Türkmenistanyň prezidentiniň hem gatnaşjakdygy habar berilýär.

Berdimuhamedow bu guramanyň ýygnanyşygyna mundan öň hiç wagt gatnaşmandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG