Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Talyban” adamlary Owganystandan gaçmazlyga yrmak üçin ymamlara ýüzlenýär


Ýaragly söweşijileriň Kabulda pyýada we ulagly aýlanyp başlamagy bilen, paýtagtdaky köçelerde esasan asudalyk höküm sürýär.

19-njy awgustda ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli birnäçe şäherde guralan üzlem-saplam protestlerde talyban dolandyryşyna garşy çykylmagy bilen, yslamçy topar Owganystany ele geçireli bäri guralan ilkinji juma namazynda ymamlary agzybirligi wagyz etmäge çagyrdy.

Hepde aýagynda Kabulyň gözegçiligini ele geçirip, parahatçylygy we ähli tarapy öz içine alyjy hökümet gurmak isleýändigini aýdandygyna garamazdan, talybanyň demonstrantlara garşy zorluk ulanyp, birnäçe adam pidasyna sebäp bolandygy habar berildi.

"Talyban" juma namazynyň öňüsyrasynda eden ýüzlenmesinde ymamlaryň "watandaşlaryny ýurduň ösüşi üçin işlemäge, ýurdy terk etmäge synanyşmazlyga" we "duşmanyň negatiw propagandasyna" gaýtawul bermäge çagyrmalydygyny aýtdy.

Ýaragly söweşijileriň Kabulda pyýada we ulagly aýlanyp başlamagy bilen, paýtagtdaky köçelerde esasan asudalyk höküm sürýär, kärhanalar gaýtadan açylyp başlandy. Emma muňa garamazdan, banklar we döwlet edaralary ýapyklygyna galýar.

ABŞ-nyň we ýaran esgerleriň howpsuzlygy üpjün etmegi we ewakuasiýalary çaltlaşdyrmagy bilen, Kabulyň halkara howa menzilinde köpçülikleýin uçuş operasiýasy dowam etdirilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG